Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler

18.01.2022, 18:1415,496

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky Türkmeniň ak öýi binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçiriler.
TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ýurdy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, şeýle-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleler jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegiň maksatnamasyna serediler we tassyklanylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.