Täjigistan Türkmenistan bilen demir ýol aragatnaşygy boýunça ylalaşygy tassyklady

25.01.2022, 14:169,744

Täjigistanyň Parlamenti respublika bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hakynda ylalaşygy tassyklady. Bu barada Sputnik Täjigistan agentligi Majlis Oli-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Şeýlelikde, Täjigistan we Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Türkmenbaşy porty demir ýol arkaly birleşdiriler.
Deputatlaryň bellemegine görä, ylalaşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkider we ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder.
Üstaşyr demir ýollary we Türkmenbaşy porty Täjigistanyň Hazar deňzine çykalgasyny üpjün eder we bellenilen ugurda Ýewropa bilen ulag aragatnaşygyny ýola goýmaga ýardam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.