Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň Döwlet maksatnamasy kabul edildi

29.01.2022, 09:403,581

“Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 28-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 —2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.