Raşid Meredow Türkmenistandaky koreý diplomaty bilen duşuşdy

07.02.2022, 15:123,257

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen duşuşdy. Diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy hem-de bu günki günde gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibi mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.