Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

13.02.2022, 10:574,977

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigi hem-de onuň iki halkyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenilip geçildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.