Berdimuhamedow Şaýmiýewe we Millere ýubileý ýaşlary mynasybetli gutlag telegrammalaryny iberdi

15.02.2022, 16:288,425

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Millere telegrammalary iberdi.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe iberilen telegrammada türkmen Lideri onuň däp bolan dostlukly, netijeli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Mintimer Şaýmiýewi 85 ýaşy bilen hem-de Keramatly apostol Andreý Perwozwannyý ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

Alekseý Millere iberilen telegrammada türkmen Lideri “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşandyny belläp, Alekseý Milleri 60 ýaş ýubileýi hem-de oňa Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.