Türkmenistan saýlawlary geçirmekde ÝHHG-niň tejribesini öwrenýär

19.02.2022, 08:566,613

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy. Onda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy.

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu guramanyň agza ýurtlaryna saýlaw işlerinde ýardam bermegi bilen bagly tejribelerini nazarda tutup, türkmen tarapynyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlaryna seredip geçdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.