Türkmenistanyň çäginde konteýnerleri demir ýol ulaglary bilen daşamagyň bahalary tassyklanyldy

20.02.2022, 02:028,999

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligine konteýnerleri Türkmenistanyň çäginde demir ýol ulaglary bilen daşamagyň degişli bahalaryny 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 31-nji maýyna çenli ulanmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň çäginden demir ýol ulaglary bilen üstaşyr daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň demir ýol geçelgeleriniň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 18-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda degişli Buýruga gol çekdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.