Agrar partiýanyň Prezidentlige dalaşgäri lebaply saýlawçylar bilen duşuşdy

25.02.2022, 09:273,507

24-nji fewralda Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimow bu ýere ýygnananlary A.Bekmyradowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony jemgyýetçilik guramalarynda we ýerli häkimiýet edaralarynda syýasy hem-de guramaçylyk taýdan tejribe toplan, maksada okgunly we giň dünýägaraýyşly dalaşgär hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär A.Bekmyradow çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan etdi hem-de onuň özenini döwletimizi mundan beýläk-de ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, munuň üçin giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň düzýändigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.