Türkmenistanyň Prezident saýlawlary üçin daşary ýurtlarda 41 saýlaw uçastogy döredildi

28.02.2022, 11:409,181

27-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy.

TDIM-niň Metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän işjeň taýýarlyklaryň barşynda Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.