GDA-nyň synçylary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

01.03.2022, 09:132,779

28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna baha bermek üçin GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň depgini, şeýle-de halkara synçylaryň işiniň guramaçylygynyň aýratynlyklary babatda pikir alyşdylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.