Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň täze maksatnamasy tassyklanyldy

03.03.2022, 09:5315,011

«Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu baradaky degişli Karara 2-nji martda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Döwlet Baştutany Karara gol çekip, resminamada bellenilen çäreleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.