Türkmenistanyň 4 welaýatynda 23-nji martda, Daşoguzda bolsa 30-njy martda gowaça ekişi başlanar

11.03.2022, 09:318,850

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10-njy martda geçirilen bilelikdäki mejlisinde: “Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekmek meýilleşdirilýär we ondan 1 million 250 müň tonna hasyl alnar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.