Aşgabatdan Moskwa ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

15.03.2022, 08:501,939

14-nji martda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy nobatdaky ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagyny gurady. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär. 

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Boeing-757 uçarynda Aşgabatdan Moskwanyň Domodedowo howa menziline ýolagçylaryň 161-si uçdy. Şolaryň arasynda Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmäge gelen halkara synçylar hem bar. 

Bu gezekki uçar gatnawy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawlarynyň 39-njysydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.