Raşid Meredow Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

24.03.2022, 10:358,164

22-nji martda Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saud bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-saud gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumyna seredip geçdiler. Şu nukdaýnazardan, döwletara gatnaşyklarynyň oňyn depgine eýedigi bellenildi hem-de ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.