Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçy düzüminiň jogapkärçilikleri bilen bagly Kararlar kabul edildi

26.03.2022, 09:5120,568

25-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlaryny degişlilikde dürli düzümler boýunça türkmen tarapyndan wekilçilik etmek üçin bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Hususan-da:

  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy wezipesine bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.
  • Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.