Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen bölegi döredildi

01.04.2022, 09:037,238

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Onuň taslamasy 31-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda gol çekilen degişli topary döretmek hakyndaky ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bu toparyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda teklip taýýarlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow üstaşyr gatnawlary artdyrmak maksady bilen, degişli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belläp, resminama gol çekdi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.