Serdar Berdimuhamedow Çabahar porty bilen Türkmenbaşynyň deňiz portunyň hyzmatdaşlygy boýunça öz teklibini aýtdy

02.04.2022, 18:1920,583

«Ulag — ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugry. Biz Türkmenistanyň çäginden, şol sanda biziň ýurdumyzyň Hazar deňzinde bar bolan infrastrukturalaryny ulanmak arkaly Hindistanyň deňiz terminallaryna çykmak üçin durnukly Ýewraziýa geçelgelerini kemala getirmäge özara ýardam bermek hakynda ylalaşdyk» diýip, şu gün geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşiklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow aýratyn belledi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Prezident Ram Nath Kowind bilen duşuşygynda Çabahar porty bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça göni gepleşikleri guramagy teklip edendigini habar berýär.

Ýeri gelende nygtasak, bu geçelge iki ýurt üçinem, sebitiň beýleki döwletleri üçinem ykdysady taýdan örän amatlydyr. Türkmenistan Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesine birleşdirmek we bu taslamany iş ýüzünde amala aşyrmak üçin bilelikdäki Iş toparyny döretmek boýunça hindi tarapynyň başlangyjyny goldady. Öz gezeginde, Hindistan hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu ulag geçelgesine birleşdirmek babatda Türkmenistanyň teklibini goldaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.