Türkmenbaşyda ulag-kommunikasiýa işgärleri 5 sany täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

09.04.2022, 09:1711,605

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärlerine satmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu baradaky degişli Karara 8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.