Pýotr Ýan eminleriň karary bilen UFC 273-de Sterlingden ýeňildi

10.04.2022, 13:4615,842

MMA-nyň russiýaly söweşijisi Pýotr Ýan Jeksonwilde (ABŞ) geçirilen UFC 273 ýaryşynda amerikaly Aljemmeýn Sterlingden ýeňildi.

Eminleriň karary bilen, çempionlyk guşagy ABŞ-nyň wekilinde galdy. Şeýlelikde, Ýan ikinji gezek hem Sterlingden üstün çykyp bilmedi.
32 ýaşly Sterling 2021-nji ýylyň martynda Ýan bilen duşuşykda gazanan çempionlyk guşagynyň ilkinji goragyny geçirdi. Sterlingde 21 ýeňiş we 3 ýeňliş bar. 29 ýaşly Ýanda 16 ýeňiş we 3 ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.