«Nebitmaş» täjik kompaniýasyndan 10 müň tonna alýumin önümlerini satyn alar

23.04.2022, 09:498,772

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Nebitmaş” döwlet kärhanasyna önümçilik işlerinde zerur bolan 7 müň tonna sozulan alýumini hem-de 3 müň tonna guýma alýumin taýynçlaryny satyn almak barada Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания” (TALCO) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu baradak degişli Karara 22-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.   

Resminamanyň maksady ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekden, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmakdan, içerki bazarlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlar bilen bolelin üpjün etmekden ybaratdyr. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.