Mongoliýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

28.04.2022, 02:324,983

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty gelip gowuşdy. Onda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň oňat arzuwlar beýan edilýär.

“Iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de ösdürmek işinde Siziň Alyhezretiňiz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigimi bellemek isleýärin” diýip, Mongoliýanyň Prezidenti hatynda iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.