Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide saparda bolar

29.04.2022, 05:045,454

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2022-nji ýylyň 29-30-njy aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Karara 28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Saparyň maksady Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.