Hyundai Günorta Koreýanyň iň uly konglomeratlarynyň sanawynda üçünji setire düşdi

01.05.2022, 14:574,099

Hyundai Motor Group awtoöndürijisi aktiwleriniň möçberi boýunça Günorta Koreýanyň iň uly konglomeratlarynyň sanawynda ikinji orny SK Group-a berdi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Adalatly söwda komissiýasynyň habarynda aýdylýar.  

“SK bilen Hyundai Motor aktiwleriniň möçberi boýunça sanawda ýerlerini çalyşdylar. 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ilkinji bäşlikde üýtgeşme boldy” – diýip, Koreýa Respublikasynyň antimonopoliýa edarasy habar berdi. SK Group kompaniýasy energiýa çeşmeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy we ýarym geçiriji biznesiniň ösmegi netijesinde ilkinji gezek ikinji orny eýeledi. Samsung Group birinji orny saklamagy başardy ($387 mlrd).

SK Group-a himiýa, energetika we telekommunikasiýa ýaly dürli pudaklardan kompaniýalar girýär. 2021-nji ýylyň ahyrynda konglomeratyň aktiwleri 292 trln wona ($233 mlrd), Hyundai Motor-yňky 257 trln wona bilen ($205 mlrd) bahalandyryldy diýip, “Çunan ilbo” gazeti ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.