Seulda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Maslahatyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide haly we dokma önümleri, gurluşyk hem-de senagat harytlary, şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň TDS ISO 9001 güwänamasyna eýe bolan lukmançylyk serişdeleri we çaga iýmitleri görkezildi.
Soňra döwlet Baştutany Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Bu ýerdäki çykyşynda Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak wagtdan bäri dowam edýändigini we bu gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käni boýunça tebigy gazy kükürtden arassalaýjy zawod, Gyýanlydaky polimer zawody we Aşgabatda ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamy ýaly iri taslamalar durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslardyr ýeňil awtoulaglaryň düzýändigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde nebitgazhimiýa, himiýa senagaty, energetika, ulag-logistika, gämi gurluşygy, sanlylaşdyrmak ulgamlaryny we Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasteri boýunça hyzmatdaşlygy belledi.
Mejlisiň dowamynda Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri hanym Han Son Suk we Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň başlygy Jin Sik Ýun çykyş etdi. Assosiasiýanyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklara we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy.
Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisi tamamlanandan soň, onuň işi işewürlik hyzmatdaşlyk mejlisinde dowam etdi. Çykyş edenler energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, gurluşyk we infrastruktura, ekologiýa, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle-de ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Maslahatyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.