Serdar Berdimuhamedow Perunyň Prezidentini gutlady

07.05.2022, 08:169,484

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Peru Respublikasynyň Prezidenti Pedro Kastilo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Peru Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.