Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowy mynasyp bolan ordeni bilen gutlady

26.05.2022, 10:299,252

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Russiýanyň “Dostluk” ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

"Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky pugta özara düşünişmegi hem-de hoşniýetli gatnaşyklary alamatlandyrýan bu şanly waka, goý, Sizi iki ýurduň halky üçin hem, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak üçin hem strategik ähmiýete eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini has-da artdyrmak ugrunda geljekde-de döredijilik ylhamyna ruhlandyrsyn! Size tüýs ýürekden buýsanýaryn we ýurduňyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlik, berk jan saglyk, bagt arzuw edýärin" diýip, Tatarystanyň Prezidenti hatynda rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde doganlyk halklarymyzyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine berk ynanýandygyny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.