Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

06.06.2022, 21:397,598

Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy Amina Jeýn Mohammed bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ähli ulgamlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň we Türkmenistanda milli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

R.Meredow Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Bilimiň özgerdilmegi boýunça sammitiň geçirilmegini goldaýandygyny nygtady. Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýokary hilli bilime elýeterliligi üpjün etmek boýunça işleri geçirýändigi hem-de ýakyn wagtda bu sammite taýýarlygyň çäklerinde milli geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar daşky gurşawy goramak we Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.