Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady

10.06.2022, 07:473,659

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gresiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

Döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara  ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.