UFC-niň ýarym agyr agramynyň çempiony täzelendi

12.06.2022, 16:1527,393

Çehiýaly Irji Prohazka Singapurda geçirilen ýaryşda UFC-niň ýarym agyr agram derejesinde çempiony braziliýaly Glower Teýşeýradan üstün çykdy.

Tutluşyk bäşinji raundda Prohazkanyň demikdiriji emel ulanmagy bilen tamamlandy. Çehiýaly türgen Teýşeýranyň 2021-nji ýylyň oktýabrynda eýelän çempionlyk guşagyny elinden aldy.
Prohazka 29 ýaşynda, onuň hasabynda 29 ýeňiş, 3 ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. Teýşeýra 42 ýaşynda. Ol MMA-da 33 ýeňiş gazandy we sekiz gezek ýeňildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.