Türkmenistanda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredildi

13.06.2022, 10:1614,167

Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara 11-nj iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminamanyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmakdan hem-de suw gorlaryny döretmekden ybaratdyr.