Türkmenistan «EKSPO — 2025-e» gatnaşmaga taýýarlyk görýär

25.06.2022, 12:365,870

Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine  gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 24-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hasabat berdi.

Hususan-da, “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda guraljak bu halkara forumyň 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljekdigi habar berildi. Guramaçylyk işleriniň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanyň milli pawilýonyny “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bölümde ýerleşdirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» sergisinde milli pawilýonymyzy gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany «EKSPO — 2025» sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle giň gerimli gözden geçirişleriň Watanymyzyň gazananlaryny, onuň eksport kuwwatyny açyp görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.