Gazagystanyň Prezidenti VI Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

29.06.2022, 08:5112,711

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew Altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow garşy aldy.
Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek sammitiň barşynda Hazar deňziniň çäginde özara hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.