Serdar Berdimuhamedow Jozef Baýdene gutlag hatyny ýollady

04.07.2022, 05:0916,154

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň ähli halkyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly, özara bähbitli  gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.