Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi

08.07.2022, 03:555,798

7-nji iýulda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow guramanyň üç ölçegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we garaýyşlaryny beýan etdi. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid wideoýüzlenmesinde: "Munuň özi ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky  hyzmatdaşlygyň  anyk sepgitlerini bellemäge we geljegine  seretmäge amatly pursatdyr" diýip belledi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor: "ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky üç onýyllykda uzak ýol geçdi, ýöne Türkmenistanyň we ÝHHG-niň ähli sebiti üçin peýdaly gepleşiklerimizi dowam etdirmek we berkitmek üçin uly mümkinçilikler bardyr" diýip, aýdylanlaryň üstüni ýetirdi. 

Maslahatyň plenar mejlislerinde howpsuzlyk, ekstremizme we transmilli howplara garşy göreş, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gender deňligi, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuzlygy ýaly meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.