Türkmenistan we Özbegistan Ýewropa bazarlaryna çykýan ulag geçelgesini ilerletmegi maksat edinýär

15.07.2022, 15:548,746

Şu ýylyň geçen bäş aýy boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda demir ýol ulagynda ýük dolanyşygynyň möçberi 15 müň wagona, awtomobil ulagy boýunça hem 17 müň birlige deň boldy. Bu barada 14-nji iýulda Daşkentde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň dowamynda aýratyn nygtaldy.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde Prezident Serdar Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň umumy maksada — Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjek kuwwatly, döwrebap infrastrukturalary döretmäge gönükdirilmelidigini belledi. Hususan-da, Türkmenistan Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.
Döwlet Baştutany Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň zerurdygyny hem nygtap, bu ugurda ýakyn geljekde taslama gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.