Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

19.07.2022, 07:5910,218

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara 18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminamanyň maksady Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmekden ybaratdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.