21-nji iýulda Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin biziň ýurtlarymyzyň döwlet maglumat düzümleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň üstünde işlemek, täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir “Özüňi alyp barmagyň kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamak bolar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi. Munuň oňyn maglumat ýagdaýyny döretmäge, sebitdäki anyk ýagdaýa, bu ýerde bolup geçýän wakalara, döwletleriň we hökümetleriň Merkezi Aziýanyň parahatçylykly, durnukly ösüşi, biziň halklarymyzyň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek babatdaky tagallalaryna oňat düşünmäge ýardam berer.