Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçilik üçin amatly ýagdaýy döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa könelişen böwetlerden halas etmek, Merkezi Aziýany uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin özüne çekiji sebite öwürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Prezident Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda bu baradaky meselä aýratyn ünsi çekdi.
“Merkezi Aziýada önümçilik taýdan ýakynlaşmak möhüm meseledir. Biziň ýurtlarymyz uly tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Olary birleşdirmek, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini” döretmek derwaýys mesele bolup durýar” diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi we bu babatda hususy işewürligiň möhüm orun eýelemelidigini belledi.
Biziň ýurtlarymyzyň maksatlaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermekleri gerek. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz gönüden-göni duşuşyp, amatly we maksadalaýyk ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda aýdylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire gaýdyp gelmek teklip edildi.