Serdar Berdimuhamedow medeniýet boýunça Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň baýragyny döretmegi teklip etdi

22.07.2022, 13:3442

21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň medeniýet ulgamyndaky üstünlikler üçin her ýylky baýragyny döretmegi teklip etdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany Merkezi Aziýanyň dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biridigini nygtady. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň öňünde medeni bileleşikleriň toplumlaýyn, köpugurly gatnaşyklaryny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda giňişleýin gatnaşyklary höweslendirmegiň ulgamy hökmünde sebitde bitewi medeni giňişligi döretmek wezipesi durýar. Hut şolar yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek wezipesini öz üstüne almalydyr.