2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň şygary belli boldy

26.07.2022, 13:246,709

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şygary “Geliň, Oýunlary giňden açalyň” bolar. Bu barada Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şeýle-de, bu şygaryň 2024-nji ýylyň Paralimpiadasynda hem ulanyljakdygy habar berilýär.
Pariždäki tomusky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler. Paralimpiada bolsa 2024-nji ýylyň 28-nji awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.