«Türkmendeňizderýaýollary» agentligine täze ýolbaşçy bellenildi

30.07.2022, 08:299,385

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.

Şeýle-de degişli resminama bilen, Agamurad Baýramgeldiýewiç Haýytmuradowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.