Bugdaý hasylynyň meýilnamadan artyk öndürilen möçberini döwlete tabşyrmagyň nyrhy kesgitlendi

30.07.2022, 08:3217,702

Möçberleri tassyklanan oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar döwlet tabşyrygy esasynda 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndüren bugdaý hasylynyň bir tonnasyny 1 müň 600 manatdan döwlete tabşyrarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy iýuldaky Karary bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý hasylyny tabşyrýan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary,   beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar bilen bellenen tertipde bugdaýyň bahasy boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.