Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan edildi

31.07.2022, 00:1136,034

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýewe berk käýinç yglan edildi. Bu barada 30-njy iýulda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutany resminama gol çekip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.