Stambulyň howa menzili Ýewropada iň köp gatnawly howa menzili diýlip bilindi

02.08.2022, 02:0124,237

Stambulyň howa menzili Ýewropada iň köpgatnawly howa duralgasy hasaplandy, ol ýerden 2022-nji ýylyň 22-28-nji iýuly aralygynda gije-gündiziň dowamynda ortaça 1327 awiagatnaw amala aşyryldy.

Bu barada Eurocontrol howa gatnawlarynyň Ýewropa operatorynyň soňky hasabatynda aýdylýar diýip, "Anadolu" salgylanýan Trend ýazýar.
Ondan soňra  Parižiň Şarl-de-Goll we Amsterdamyň Shiphol howa menzilleri gelýär.
Şeýle-de, öňdebaryjylaryň onlugyna  Antalýanyň howa menzili (8-nji ýer) hem girýär, onuň görkezijisi - gije-gündiziň dowamynda 942 gatnaw.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.