Saud Arabystany iýulda soňky iki ýylda nebitiň rekord möçberini eksport etdi

02.08.2022, 23:206,630

2022-nji ýylyň iýul aýynda Saud Arabystanyndan nebit eksporty bir günde 7,5 mln barrele ýetdi, bu bolsa 2020-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir diýip, “Bloomberg” neşiri ýazýar. Muny tazabek.kg ýetirýär.

2022-nji ýylyň iýun aýynda ýurt bir günde 6,6 mln barrel iberdi. Iýul aýynda bolsa Saud Arabystanynyň eksporty 13,6% ýokarlanyp, bir günde 7,5 mln barrele ýetdi.
Üpjünçiligiň esasy ösüşi Hytaý (iýul aýynda 1,65 mln b/g) we Hindistan (iýul aýynda 1 mln b/g) ýaly ýurtlaryň paýyna düşdi. 
ABŞ-a eksport iýun aýyna garanyňda 11% - 371 müň b/g çenli, Ýaponiýa 18%, 903 müň b/g çenli azaldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.