Türkmen biržasynda bahasy 32 million dollarlyk 30 geleşik hasaba alyndy

08.08.2022, 10:165,833

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri nah ýüplük satyn aldylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.