Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler

13.08.2022, 13:2916,288

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler. Bu barada 12-nji awgustda Awazada geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sentýabr aýynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara baýdygyny belläp, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi.

“Maslahatda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis, şoňa görä-de, bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.