Rumyniýa Türkmenistanda täze diplomatik wekilini belledi

25.08.2022, 13:275,147

23-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi. Ol ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de diplomatik wezipesinde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde, şeýle-de köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler.
Duşuşygyň çäklerinde ilçi Ion Nawal Türkmenistanyň daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.