Ermenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen gynanç hatyna hoşallyk bildirdi

27.08.2022, 08:5511,760

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýandan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Onda Ýerewan şäherindäki “Surmalu” söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň netijesinde emele gelen pajygaly ýagdaý zerarly iberen gynanç haty üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirilýär.

Hususan-da: “Gurban bolanlaryň, şeýle-de ýaralananlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna bildiren ýürekden gynanjyňyz, medet beriji sözleriňiz üçin Size örän hoşaldyryn” diýlip, hatda bellenilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.